Tunjeli welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi geçirilen operasiýa barada beýanat berdi

1525616
Tunjeli welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Ýyldyrym 4 operasiýasynyň çäginde Tunjeli welaýatynyň Ahpanos Jülgesi sebitinde, Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli Žandarmanyň desant güýçleri we Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan Harby-howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 2 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Tunjeli welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda terrorçylaryň tapylmagy we täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin geçirilýän operasiýalaryň erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi aýan edildi.


Etiketkalar: #operasiýa , #Tunjeli

Degişli Habarlar