Türkiýe Gresiýa ýene-de bir gezek dialog geçirmäge çagyrdy

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý mesele bilen bagly beýanat berdi

1519805
Türkiýe Gresiýa ýene-de bir gezek dialog geçirmäge çagyrdy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde geçirýän seýsmiki ylmy-derňewleri bilen baglanşykly: "Ýurdumyz halkara haklaryndan gözbaş alýan hukuklarynyň çäginde sebitdäki işlerini dowam etdirer" diýip belledi. 

Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň, düýn Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki kontinental şelfinde geçirmäge dowam edýän seýsmiki derňewleri bilen baglanşykly esassyz öňe sürmeleriniň ýene-de birini orta atandygyny aýdan Hami Aksoý, Gresiýanyň maksmalist öňe sürmelerine esaslanyp her Nawteks bildirişinden soň Türkiýäniň işlerine nägilelik bildirmeginiň boş tagallalardan ybaratdygyny mälim etdi. 

Türkiýäniň Gresiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge we iki ýurdyň arasyndaky meseleleri dialog arkaly çözmäge taýardygyny aýdan Aksoý: "Elbetde ýurdumyzyň we DKTR-nyň kanuny hukuklary we bähbitleri goralmaga dowam ediler" diýip nygtady. 

Gresiýadan esassyz öňe sürmeler bilen Türkiýäniň günäkärlemegiň we hemişe edişi ýaly üçünji tarapa şikaýat etmegiň ýerine, sebitde dartgynlygy artdyryjy ädimlerden uzak durmaga, gepleşikler üçin gerek bolan şertleri döretmäge goşant goşmaga we gepleşiklere taýardygyny aýtmagyna garaşýandyklaryny aýdan Hami Aksoý: "Şol sebäpli Gresiýany, hem Gündogar Ortaýer deňiziniň Deňiz ygtyýar giňişlikleriniň çäklendirilmegi meselesiniň, hem iki ýurdyň arasynda biri-birleri bilen arabaglanşykda bolan beýleki meseleleriň ele alynmagy üçin ýurdumyz bilen dialog geçirmäge ýene-de bir gezek çagyrýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar