Warank: "Pandemiýada Türkiýäniň senagaty özüni subut etdi" diýdi

Türkiýäniň Senagat we Tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň senagatynyň koronawirus epidemiýasy tapgyrynda özüni subut edendigini habar berdi

1518789
Warank: "Pandemiýada Türkiýäniň senagaty özüni subut etdi" diýdi

Türkiýäniň Senagat we Tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Bursa şäherinde eden çykyşynda: "Pandemiýada Türkiýäniň senagaty özüni subut etdi. Adatdan daşary ýagdaýlarda mümkinçilikleri bilen özüni görkezdi. Kyn tapgyrlarda nähili innowasion çözgütler tapyp biljekdigini subut etdi" diýip beýan etdi. 

Warank: "Öňümizdäki aýlarda global bazarlardan has köp paý almak we daşary ýurt maýalaryny has güýçli ýagdaýda ýurdumyza çekmek üçin möhüm göçümlerimiz bolar. Prezidentiň Maýa goýum ofisi bilen ýurdumyzyň Gönüden maýa goýum strategiýasyny taýarlaýarys" diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar