Türkiýe Marokkonyň Liwiýanyň Başlangyjyna Kanagatlanma Bildirdi

Türkiýe Marokkonyň Liwiýadaky dartgynlygyň çözülmegi ugrundaky oňyn pozisiýasyna kanagatlanma bildirýändigini beýan etdi

1487334
Türkiýe Marokkonyň Liwiýanyň Başlangyjyna Kanagatlanma Bildirdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Hami Aksoý Marokkonyň Buznika şäherinde geçirilen Liwiýa Dialog Maslahaty hakynda “Marokkonyň Liwiýadaky dartgynlygyň çözülmegi ugrundaky oňyn pozisiýasyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Aksoý maslahat hakyndaky soraga ýazmaça jogap berip: “Türkiýe başyndan bäri Liwiýadaky dartgynlygyň çözgüdiniň BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň degişli kararlaryna laýyklykda liwiýalylaryň arasynda geçiriljek we liwiýalylar tarapyndan goldanjak syýasy tapgyr bilen tapyljakdygyny beýan edýär” diýip nygtady.

Türkiýäniň Marokkoda geçirilýän maslahat bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beýan eden Aksoý, Marokkonyň ozalam “Liwiýanyň Syýasy Ylalaşygy” atlandyrylan gepleşiklere ýer eýeçiligini edendigini ýatladyp: “Türkiýe şol gepleşikleri goldapdy, Hormatly ministrimiz hem ylalaşygyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşypdy. Marokkonyň Liwiýadaky dartgynlygyň çözülmegine oňyn goşandy bizi kanagatlandyrýar” diýdi.



Degişli Habarlar