Bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan 2 terrorçy tussag edildi

Siriýadan bombaly hüjüm guramak üçin Türkiýä gelen 2 terrorçy ellerindäki partlaýjylary bilen birlikde saklandylar

1487699
Bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan 2 terrorçy tussag edildi

Mardin welaýatynda Žandarma güýçleri we Milli Howpsuzlyk gullugynyň bilelikde geçiren tehniki we fiziki gözegçiligiň netijesinde Siriýadan gelen şübhe astyndaky 2 terrorçynyň Türkiýä partlaýjy maddalar bilen geçendigi anyklandy. 

Şübhe astyndaky terrorçylaryň ýurdyň uly şäherlerinde adamlaryň üýşmeleň ýerlerinde bombaly aksiýalar guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklandy. 

Mardin Welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan göz tussaglygyna alynan şübhe astyndaky terrorçylaryň Žandarmadaky işleri dowam edýär. 

Ele salynan partlaýjy maddanyň geçirilen derňew işleriniň netijesinde örän güýçlüdigi, partlan halatynda 3 gatly bir binany ulanyp bolmajak ýagdaýa getirip biljek güýçdedigi kesgitlendi. 



Degişli Habarlar