Bitlis welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Bitlis welaýatynyň Sehi diýilýän ýerinde geçirilýän operasiýada Terror sanawynyň narynç we çal kategoriýalarynda atlary bolan 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1486223
Bitlis welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde, Bitlis welaýatynyň Sehi diýilýän ýerindäki tokaýlyk meýdanda Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli Žandarmanyň desant güýçleriniň, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparynyň, Žandarmanyň uçarmansyz howa ulagynyň we Atak dikuçarlarynyň gatnaşmagynda düýn geçirilen operasiýada 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň Terrordan gözlenýänleriň sanawynda narynç kategoriýada ady bolan we guramanyň zenanlar bölüminiň gurluşyndan jogapkär ýolbaşçysy bolan Ronahi Dersim adyny ulanýan Özlem Atsakdygy mälim boldy. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen beýleki terrorçynyň bolsa, Terrordan gözlenýänleriň sanawynda çal kategoriýada ady bolan Azad Şoreş adyny ulanýan Rydwan Erýylmazdygy anyklandy. 


Etiketkalar: #Sehi , #terrorçy , #terror , #Bitlis

Degişli Habarlar