Bitlis welaýatynda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1485547
Bitlis welaýatynda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Bitlis welaýatynyň Sehi diýilýän ýerinde Žandarma güýçleri ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen 6 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Aglabasy gitdi, az sanysy galdy. Žandarma güýçleri ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen Bitlis welaýatynyň Sehi diýilen ýerinde 6 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Razwedka... Operasiýa... Doly üstünlik" diýip belledi. 



Degişli Habarlar