Türkiýe Gündogar Ortaýer Deňizinde Seismiki Barlaglaryny we Harby Tälimlerini Dowam Etdirýär

Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde 29-njy awgust bilen 11-nji sentýabryň arasynda geçirilje atyş tälimleri üçin nawteks yglan etdi

1481158
Türkiýe Gündogar Ortaýer Deňizinde Seismiki Barlaglaryny we Harby Tälimlerini Dowam Etdirýär

Grek harby uçarlarynyn Türkiýäniň Nawteks yglan eden zolagyna girme synanşygynyň türk F-16 uçarlary tarapyndan öňüni alynmagyndan soň resmi Ankara degişli çäreleri görmäge dowam edýär we Gündogar Ortaýer deňizinde täze bir Nawteks yglan etdi.

Soňky Nawteks bilen bilelikde Gündogar Ortaýer deňizinde awgust aýynyň 29-y bilen sentýabr aýynyň 11-i aralygynda atyş täliminiň geçiriljekdigi habar berildi.

Talim geçiriljek zolagyň koordinatlary bilen bilelikde bellenen günlerde Türkiýe wagty boýunça sagat 05:00-14:00 aralygynda seismiki barlag we atyş talimleriniň dowam etjekdigi habar berildi. Talimler şu gün başlar we 11-nji sentýabrda gutarar.

Türkiýe mundan ozal sentýabr aýynyň 1-2-si aralygynda Türkiýe wagty boýunça sagat 08:00-15:00 aralygynda Gündogar Ortaýer deňizinde atyş täliminiň geçiriljekdigini habar beripdi.

“Oruç Reis”, “Ataman” we “Jengiz Han” gämilerini Gündogar Ortaýer deňizindäki seismiki barlaglarynyň möhleti bolsa 1-nji sentýabra çenli uzaldylypdy.

 



Degişli Habarlar