Türkiýe ABŞ-nyň Beýannamasyna Berk Reaksiýa Bildirdi

Amerikan hökümeti sebitdäki güýjüni we pozisiýasyny esasan Ysraýylyň bähbitlerine hyzmat etmek üçin peýdalanýar

1479362
Türkiýe ABŞ-nyň Beýannamasyna Berk Reaksiýa Bildirdi

Türkiýe Prezident R.T.Erdoganyň Hamasyň resmilerini kabul etmegi hakynda ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň ýerliksiz beýannamasyna berk reaksiýa bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Hami Aksoý ýazmaça beýannamasynda, Prezident R.T.Erdoganyň 22-nji awgustda Stambulda Hamasyň Syýasy býurosynyň Başlygy Ismail Haniýýanyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti bilen geçiren duşuşygy hakynda ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat Sekretarynyň “ýerliksiz” beýannama berendigini nygtap: “Şol beýannamany ret edýäris” diýdi.

Gazada demokratik saýlawlar bilen häkimiýet başyna gelen we sebitiň esasy reallyklaryndan birini emele getirýän Hamasyň kanuny wekilinin terrorçy hökmünde häsýetlendirilmeginiň sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň ýola goýulmagy ugrundaky tagallalara goşant goşmajakdygyna ünsi çeken Aksoý; “Galybersede öz terror sanawynda durýan ekstremist terror gurmasy PKK açyk goldaw berýän, Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysyna hemaýat edýän ýurduň, üçünji ýurtlara bu meselede beýannama bermäge haky ýok” diýdi.

Hami Aksoý Amerikan hökümetiniň palestinalylaryň arasyndaky jebisligiň ýola goýulmagynda esasy taraplardan biri bolan Hamasy terror guramasy diýip yglan edendigini, soň Palestinany Azat Ediş guramasynyň Waşingtondaky ofisini ýapandygy we şeýlelikde Amerikan hökümetiniň Palestin hökümeti we halky bilen gatnaşygyny dolulygyna kesip, sebitiň hakykatlaryndan özüni çetleşdirendigini beýan etdi.

Metbugat Sekretary Aksoý Amerikan hökümetine: “Pursatdan peýdalanyp Amerikan hökümetini sebitdäki güýjüni we pozisiýasyny esasan Ysraýylyň bähbitlerine hyzmat etmek üçin peýdalanmagyň ýerine deňagramly syýasat alyp baryp, Ysraýyl-Palestina düşnüşmezligine halkara hukuk, adalat we deňlik kadalaryna laýyklykda içgin çözgüt gözlemäge çagyrýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar