Edogan Ahlada Bardy

Prezident R.T.Erdogan Malazgirt ýenişinin 949-njy ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabyna bardy

1478951
Edogan Ahlada Bardy

Malazgirt ýenişinin 949-njy ýyllygy mynasybetli Ahlatda geçirilýän çarelere gatnaşmak üçin şähere baran Prezident Erdogan aýaly Emine Erdogan bilen bilelikde Wan kölüniň kenarynda ýerleşýän Prezidentiň kompleksine dik uçarda syn etdi.

Prezident R.T.Erdogan Ahlat Ýaşlar Merkezini hem açdy.

Ol ýerde gysgaça çykyş eden Prezident Erdogan: “Şu gün Seljuk döwletiniň ilkinji ädimlerini emele getirýän gubyrlygyň ýerleşýän zolagyna Ahlat, ol ýerden enşalla ertir ir säher Malazgirde bararys we kompleksimizi açarys. Pursatdan peýdalanyp ýaşlar merkezimiziň düşümli bolmagyny alladan dileýärin. İçeri işler ministrligimize, Ýaşlar we sport ministrligimize üstünlik arzuw edýärin” diýdi.

Çykyşdan soň lentanyň kesilmeginden soň Prezident Erdogan ýanyndaky wekiliýet bilen ýaşlar merkezini gezip gördi.

Açylyş dabarasyna Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli gatnaşdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Ahlatda Seljuk gonamçylygyny zyýarat etdi.

 



Degişli Habarlar