“Türkiýe Ortaýer Deňizinde Özüne Garşy Döredilen Şert Ýaranlygyny Ýer Bilen Ýegsan Eder”

Türkiýe Ortaýer deňizinde özüne garşy döredilen şer ýaranlygyny ýok etme mümkinçiligine we ukybyna eýedigini beýan etdi

1470843
“Türkiýe Ortaýer Deňizinde Özüne Garşy Döredilen Şert Ýaranlygyny Ýer Bilen Ýegsan Eder”

Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Hami Aksoý Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň türk seismiki barlag gämisi “Oruç Reisiň” alyp barýan işleri hakyndaky soraga ýazmaça beýannama berdi.

Aksoý “Oruç Reis” gämisiniň Türkiýäniň BMG-na beýan eden kontinental şiftiniň çäginde we 2012-nji ýylda Türkiýe Nebitleri Paýdarlar Jemgyýetine hökümet tarapyndan berilen rugsat giňişliklerinde iýul aýynad meýilleşdirilen seismiki barlag işleriniň Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesine laýyklykda birnäçe wagt yza süýşürendigini ýatlatdy.

Hami Aksoý jogabynda: “Germaniýanyň we ÝB-niň haýyştyna laýyklykda diplomatiýa üçin şert döretmek we dialogy dikeltmek maksady bilen eden ýagşy niýetli çemeleşmämiz degerli netije bermedi” diýdi.

Gresiýanyň Müsür bilen geçen hepde gol çekişen deňiz ygtyýar giňişlikleriniň çäklendirilmegi hakyndaky ylalaşygyna reaksiýa bildiren Aksoý: “Gresiýa dialog meselesinde içgin we dogruçyl däldigini 2020-nji ýylyň 6-njy awgustynda Müsür bilen baglaşan ýasama şertnama bilen görkezdi” diýip nygtaýar.

Aksoý şol ylalaşyk bilen Türkiýäniň we Liwiýanyň Gündogar Ortaýer deňizindäki kontinental şiftiniň bozulandygyny we şol sebäpli “Oruç Reis” gämisiniň meýilleşdirilen seismiki barlag işlerine düýn başlandygyny beýan etdi.

Gresiýanyň garşylyklarynyň haýsydyr bir hukuky esasynyň ýokdugyny nygtan Aksoý, Ortaýer deňizinde dartgynlygy artdyrýan tarapyň Türkiýe däl, eýsem Gresiýadygyny bellä: “Asyrlaryň dowamynda türkleriň hökmürowanlygyna bolan Ortaýer deňizinden ýurdumyzy çetleşdirmäge synanşmaga hiç kim het edip bilmez. “Ortaýer deňiziniň ýeke-täk eýesi mendirin” düşünjesi bilen hereket edýänler hyrçyny dişlemeli bolar. Türkiýe özüne garşy döredilen şert ýaranlyklaryny ýer bilen ýegsan etjek gudrata, ygararlylyk bilen mümçilige we ukyba eýedir” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar