Kalyn 30 ýurduň Türkiýedäki Atdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen Aýasofýa baryp gördi

Kalyn metjidiň ýokarky gatynda dowam edýän abatlaýyş işleri we metjidiň taryhy hakynda ilçilere maglumat berdi

1468831
Kalyn 30 ýurduň Türkiýedäki Atdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen Aýasofýa baryp gördi

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýede iş alyp barýan daşary ýurtly ilçiler bilen Aýasofýa Kebir metjidine baryp gördi.

Aýasofýa Kebir metjidiniň howlusynda ilçileri garşylan Ibrahim Kalyn, ilçilere Aýasofýa barada maglumat berenden soň ilçiler bilen birlikde metjide baryp gördi.

Palestinanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Faed Mustafa bilen birlikde käbir ýurtlaryň ilçileri metjitde namaz okady.

Kalyn metjidiň ýokarky gatynda dowam edýän abatlaýyş işleri we metjidiň taryhy hakynda ilçilere maglumat berdi.

30 ýurduň Türkiýedäki Atdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen Aýasofýan baryp gören Ibrahim Kalyn, soň metbugata beýanat berdi.

Kalyn Aýasofýanyň 86 ýyl soň metjide öwrülmeginiň diýseň möhümdigini belledi we Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunja Aýasofýa hakynda maglumat bermek üçin ilçileri çagyrandyklaryny nygtady.

Aýasofýanyň metjit bolmak bilen birlikde taryhy we medeni mirasynyň goralyp saklanjakdygyny nygtan Kalyn, Topkapy köşgünde ilçilere agşam naharyny berdi.



Degişli Habarlar