“Doganlyk Liwany ýalňyz goýmarys”

Aýasofýa Kebir metjidinde Juma namazyny okan Prezident Erdogan namazdan soň metbugata beýanat berdi

1468976
“Doganlyk Liwany ýalňyz goýmarys”

 

Aýasofýa Kebir metjidinde Juma namazyny okan Prezident R. T. Erdogan namazdan soň metbugata beýanat berdi.

Beýrut portunda 4-nji awgustda 154 adamyň ýogalmagyna, 5 müňden gowrak adamyň hem ýaralanmagyna sebäp bolan partlama hakynda durup geçen Erdogan “Doganlyk Liwany ýalňyz goýmarys” diýdi.

Partlama bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Erdogan “Harby uçar bilen olara ynsanperwer kömegini ugratdyk. Harby we saglygy goraýyş taýdan hem ýardam bermäge dowam edýäris. Biz ähli taraplaýyn Liwana goldaw bermäge dowam ederis. Beýrudy we liwanly doganlarymyzy ýalňyz goýmarys” diýdi.

Gresiýa bilen Müsüriň arasynda baglaşylan deňiz ygtyýar giňişligini çäklendirmek hakyndaky şertnama hakynda durup geçen Erdogan “Gresiýa bilen Müsüriň arasynda baglaşylan şertnamanyň hiç hili ähmiýeti ýok”diýip belledi.

Liwiýa bilen baglaşylan şertnamany dowam etdirjekdiklerini nygtan Erdogan, “ Biz bu ýerde esasan deňiz ygtyýar giňişligi bilen hiç hili arabaglanşygy bolmadyk ýurtlar bilen meseläni ara alyp maslahatlaşmarys. Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň haýyşty boýunja saklanan burawlaýyş işlerine ýaňadandan başlaýarys. Barbaros Haýrettini wezipesine ugratdyk. Olar beren wadasynda durmaýar” diýdi.



Degişli Habarlar