Kovid-19-a garşy garşy göreşde täze düzgünler girizildi

Wirusa ýoluganlaryň we ýogalanlaryň sanynyň artan şäherlerinde häkimlikler tarapyndan goşmaça çäreler görler

1467231
Kovid-19-a garşy garşy göreşde täze düzgünler girizildi

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 18 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 765 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 46 müň 249 adam testden geçirilip, ýene-de 1083 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 994 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 218 müň 491 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi epidemiýa garşy göreşde täze düzgünleriň girizilendigini mälim etdi.

Täze düzgünlere görä, wirusa ýoluganlaryň we ýogalanlaryň sanynyň artan şäherlerinde häkimlikler tarapyndan goşmaça çäreler görler we berk gözegçilik ediler.



Degişli Habarlar