Din işler guramasynyň başlygy Ali Erbaş: "Aýasofýa ähli adamlara açyk" diýdi

Türkiýäniň Din işler guramasynyň başlygy Ali Erbaş: "Aýasofýa ähli adamlara açyk" diýip belledi

1466790
Din işler guramasynyň başlygy Ali Erbaş: "Aýasofýa ähli adamlara açyk" diýdi

Ali Erbaş, Düzjede metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Aýasofýa metjidiniň 24-nji iýulda ybadata açylmagy bilen 86 ýyllyk hasradyň tamam bolandygyny nygtady. 

Ali Erbaş: "Aýasofýanyň ybadata açylmagy hem milletimiz hem-de ähli adamzat üçin oňyn bir hadysa boldy. Diňe musulmanlar däl, her gün on müňlerçe adam gelip zyýarat edýär. Biz Aýasofýanyň ähli adamlara açykdygyny aýdýarys" diýip habar berdi. 

Ali Erbaş, Din işler guramasynyň, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Gaznalar edarasy we Stambulyň guberbatorlygy bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Aýasofýada iň gowy hyzmaty bermäge tagalla edýändiklerini mälim etdi. 


Etiketkalar: #Aýasofýa , #Ali Erbaş

Degişli Habarlar