Gurban baýramy Türkiýede we bütin Yslam dünýäsinde bellenilmäge başlandy

4 gün dowam etjek Gurban baýramy, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň täsiri astynda bellenilip geçilýär

1465003
Gurban baýramy Türkiýede we bütin Yslam dünýäsinde bellenilmäge başlandy
cami namaz.jpg
ayasofya namaz.jpg
ayasofya namaz1.jpg
ayasofya namaz2.jpg

Raýatlar baýram namazyny sosial araçäk we arassaçylyk düzgünlerine görä okadylar.

86 ýyl soň ybadata açylan Aýasofýa metjidinde ilkinji baýram namazy Din işler guramasynyň başlygy Prof.Dr Ali Erbaşyň ýolbaşçylyk etmeginde okaldy.

Ilkinji baýram namazy metjidiň içini we töweregini dolduran müňlerçe raýatyň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi.

Aýasofýa metjidinde 86 ýyl arakesmeden soň ilkinji Gurban baýram hutbasyny okan Prof.Dr Ali Erbaş: “Baýramyň asudalygyny ählimiz birlikde ýaşalyň. Emma keselleriň ýaýramagyna sebäp bolmalyň we bu baýram günlerini gam-gussa öwürmäliň. Maska we howpsyz araçäk düzgünlerini berjaý edeliň. Baýram günlerinde we epidemiýa tapgyrynda salamlaşmaga we gujaklaşmaga arakesme bereliň” diýip belledi.



Degişli Habarlar