Prezident Erdogan raýatlary Gurban baýramlary bilen gutlady

Prezident Erdogan: "Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeý deňizinde hukuklarymyzy goramak üçin başladan işlerimizi soňuna çenli dowam etdireris" diýip nygtady

1464556
Prezident Erdogan raýatlary Gurban baýramlary bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeý deňizinde hukuklaryny goramak üçin başladan işlerini soňuna çenli dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Prezident Erdogan, Gurban baýramy mynasybetli taýarlan wideo ýazgysynda, Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş tapgyrynda, saglygy goraýyş başda bolmak bilen ähli ugurlarda bütin dünýäniň takdyryny alyp üstünlik bilen hötdesinden gelýändigini beýan etdi. 

Erdogan, kadalaşma etaby bilen syýahatçylyk pudagyndan daşary ähli pudaklarda gündelik durmuşyň, epidemiýadan ozalky derejä golaýlan ritme gowuşandygyny mälim etdi. 

Erdogan: "Taryhymyza ýeňişler aýy hökmünde geçen awgust aýyna girjek bolýan şu günlerimizde, nesip bolsa nesillerimize täze ýeňişler miras goýup gideris" diýip belledi.  

"Yrakdan we Siriýadan Liwiýa çenli uzap gidýän giň geografiýada dowam edýän göreşimizi özümiz we doganlarymyz üçin ýeňiş bilen netijelendirmekde tutanýerlidiris" diýip bellän Prezident Erdogan, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeý deňizinde hukuklaryny goramak üçin başladan işlerini soňuna çenli dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Erdogan ýaňadandan ybadata açylan Aýasofýa metjidi mysalynda bolşy ýaly Türkiýäniň özygtyýarlylyk hukuklaryny ulanmakda hiç hili ikirjiňlenmejekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar