Içeri işler ministrligi tarapyndan Tunjeli welaýatynda täze operasiýa başladyldy

Operasiýada köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy

1463986
Içeri işler ministrligi tarapyndan Tunjeli welaýatynda täze operasiýa başladyldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi, terrorçylara garşy geçirilýän "Ýyldyrym" operasiýalarynyň 4-njisini Tunjeli welaýatynda başlatdy. 

"Munzur-Kutu" diýip atlandyrylan operasiýaa Žandarman güýçleriniň desant güýçleri, Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlary, Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparlary bilen howpsuzlyk güýçlerinden ybarat jemi 1006 adam gatnaşýar. 

Iýul aýynyň ortasynda başladylan "Ýyldyrym" operasiýalarynda häzirki wagta çenli 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 24 gowak, gaçybatalga we ammar ýok edildi. 

Operasiýada köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy. 



Degişli Habarlar