“Azanymyza, baýdagymyza, watanymyza el uzadylmagyna ýol bermeris”

Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat ýygnagyny geçirdi

1462813
“Azanymyza, baýdagymyza, watanymyza el uzadylmagyna ýol bermeris”

“Türkiýe indi ähli taraplaýyn öz güýjüne göz ýetirýär” diýen Erdogan; “Biziň hiç kimiň hakynda, ýerinde, baýlygynda gözümiz ýok. Ýeke-täk arzumyz öz hakymyzy, hukugymyzy we bähbidimizi goramak” diýdi.

Prezident Erdogan: “Gepleşikler we adalatly ylalaşyklar bilen çözüljek meselelerde ýurdumyzy ýekirmäge synanşýanlar, şol jogaby aljakdyklaryny bilsinler. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky göreşiň özgerendigini bilýäris. Syýasy, ykdysady, harby, ähli bäsleşigiň özgeren dilinde özümizi yzgiderli häsýetde kämilleşdirýäris. Hem stoluň başynda hem-de ýerinde degişli göreşimizi dowam etdirýäris” diýdi.

Erdogan Aýasofýanyň ýaňadandan ybadata açylmagynyň Türkiýäniň özygtyýarlylyk hukuklaryndan peýdalanmakdaky ygrarly pozisiýasynyň soňky mysaly bolup durýandygyny belläp, onuň metjitden muzeýe nähili öwrülendigini jedelleşmegiň ähmiýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Erdogan: “Aýasofýanyň adaty muzeý däl, eýsem gurluş maksadyna laýyklykda ybadathana hökmünde peýdalanylmagynyň ähli dinlere uýýanlary begendirendigine ynanýarys” diýdi.

Erdogan sözlerini: “Türkiýe şu günki günde täze bir direliş göreşini alyp barýar. Beýik we güýçli Türkiýäni gurýarys” diýdip, tamamlady.



Degişli Habarlar