“Aýasofýa meselesindäki günäkärlemeler gönüden Türkiýäniň özygtyýarlylygyna äsgermezçilikdir”

Prezident R.T.Erdogan Stambulda Lewent metjidiniň gurluşygyna badalga beriş dabarasyna gatnaşdy

1448487
“Aýasofýa meselesindäki günäkärlemeler gönüden Türkiýäniň özygtyýarlylygyna äsgermezçilikdir”

Erdogan dabarada sözlän sözünde: “Biz dünýäniň başga ýurtlarynda öz raýatlaryna hyzmat edýän ybadathanalara goşulyşmaýan bolsak, hiç kimiň biziň ybadathanalarymyza goşulyşmaga haky we ygtyýary ýok. Ýurdumyza bildirilýän günäkärlemeler özgygtyýarlylyk hukugymyza äsgermezçilikdir” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýedäki esasy köplük bolan musulmanlaryň we beýleki dini ynançlara uýýanlaryň hem hukugyny goramaga dowam etjekdiklerini nygtap: “Millionlarça adam diňe bir dini ynançlary sebäpli janlaryna kast edilme bilen birlikde dürli basyşlara sezewar bolýar. Esasy üns berilmeli, gyzyklanylmaly, çäre görülmeli mesele şol” diýdi.



Degişli Habarlar