Türkiýe Yrakdan PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga garaşýar

Türkiýe Yrakdan ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga garaşýar...

1444357
Türkiýe Yrakdan PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga garaşýar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý: "Yragyň durnuklylygyna, howpsuzlygyna we territorial bütewiligine howp salýan PKK-a garşy göreşimizde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk we sazlaşyk içinde hereket etmegini ýene-de bir gezek ýatlatmak isleýäris" diýip belledi. 

Hami Aksoý, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilýän "Penje-Bürgüt" we "Penje-Gaplaň" operasiýalary bilen baglanşykly Yragyň Prezidentiniň metbugat geňeşçisiniň beýanaty barada ýazmaça jogap berdi. 

Yragyň Prezidentiniň metbugat geňeşçisi tarapyndan düýn berilen beýanatda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazyk sebitlerinde geçirilýän "Penje-Bürgüt" we "Penje-Gaplaň" operasiýalarynda, asuda ilat ýitgileriniň başdan geçirilýändigi barada hakykata bap gelmeýän beýanatyň berilendigini aýdan Aksoý, bu beýanatyň esaslanýan öňe sürmeleriň terror guramasy PKK-nyň we tarapdarlarynyň Türkiýäniň terrora garşy operasiýalaryna töhmet atmak bilen bagly propogandadan başga bir zat bolmandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Yrak , #PKK , #Hami Aksoý

Degişli Habarlar