Türkiýe Fransiýanyň Prezidentiniň beýanatyna ýazmaça jogap berdi

Hami Aksoý: "Makronyň beýanatyny diňe akyl ýetirilmänlik bilen düşündirip bolar" diýip

1441827
Türkiýe Fransiýanyň Prezidentiniň beýanatyna ýazmaça jogap berdi

Türkiýe, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Türkiýäniň BMG-nyň kararlaryna we talabyna laýyklykda Liwiýanyň kanuny hökümetine berýän goldawyny howply oýun hökmünde häsýetlendirmeginiň diňe akyl ýetirilmänlik bilen düşündirip boljakdygyny habar berdi. 

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Türkiýe, Liwiýa we Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly beýanatyna ýazmaça jogap berdi. 

Hami Aksoý: "Hormatly Makron aklyny barlap we sagdyn pikirlilik bilen hereket etse şu günki gün Liwiýada başdan geçirilýänleriň hem özünden hem-de Fransiýa tarapyndan goldanýan Hafteriň hüjümlerinden gözbaş alýndygyny, hem Moskwada hem-de Berlinde parahatçylyk şertnamasyna gol çekmegi ret eden tarapyň hem ýene-de söweşiň tarapdary bolan Hafterdigini ýatlar" diýip belledi. 

Hami Aksoý: "Eýýäm ençeme ýyl bäri bikanun gurluşlara goldaw bermegi sebäpli Fransiýanyň, Liwiýada haosyň dowam etmeginiň uly jogapkärçiligi bar, şol sebäpli Liwiýada esasy howply oýuny Fransiýa oýnaýar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar