Goranmak ministrligi "Penje-Gaplaň" operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan "Penje-Gaplaň" operasiýasy bilen baglanşykly täze materiallar paýlaşyldy

1439798
Goranmak ministrligi "Penje-Gaplaň" operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Yragyň demirgazygyndaky ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara garşy geçirilýän "Penje-Gaplaň" operasiýasynyň çäginde türk desant güýçler, düýn gijäniň dowamynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde täze ýerleri ele saldy. 

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan "Penje-Gaplaň" operasiýasy bilen baglanşykly täze materiallar paýlaşyldy. 

Beýanatda: "Terrorçylar gaçmaga deşik gözleýär. Penje-Gaplaň operasiýasynyň çäginde gahryman desant güýçlerimiz gijäniň dowamynda hem howa güýçleriniň goldaw bermeginde dowam eden operasiýa bilen täze nyşanalary ele saldy" diýip aýan edildi. 

Beýleki tarapdan terrorçylara garşy ýurdyň öz içindäki operasiýalar hem dowam edýär. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan geçirilen howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar