Türk esgeri Haftaninde...

Türk esgerleri Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitine girdiler...

1437867
Türk esgeri Haftaninde...

Terror guramalarynyň Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine garşy gury ýer operasiýasy başladyldy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi: "Penje-Gaplaň operasiýasy başladyldy. Gahryman esgerlerimiz Haftaninde" diýip mälim etdi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Harby-howa güýçlerimiz, Atak dikuçarlary, ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan goldanýan türk esgerler, sebite gönükdirildi" diýip aýan edildi. 

Ministrlik operasiýanyň serhet we harby birikmelere artan hüjümler we hüjüme taýarlyk görýän PKK-a we beýleki terror guramalaryna garşy, halkara hukukdan gözbaş alýan ýurdy goramak ýörelgesiniň çäginde geçirilýändigini mälim etdi. 

"Penje-Bürgüt" operasiýasynyň edil yz ýany başladylan "Penje-Gaplaň" operasiýasynyň çäginde, ýöriteleşdirilen harby toparlar, Haftanin sebitinde terrorçylaryň hinlerine girmäge başlady. 

Köptaralaýyn taýarlyk işlerinden soň başladylan operasiýanyň amala aşyrylyş usuly bolsa ünsleri özüne çekýär.  

Operasiýanyň çäginde ilki bilen terrorçylaryň ähli ýerleri nyşana alynyp od açyldy. 

Ýerli önümçilik bolan gaubisalar bilen köp nilli raketalaryň ulanylan operasiýanyň ilkinji pursatlaryndan başlap, şu wagta çenli terrorçylaryň 150-den gowrak ýeri dolulygyna ýok edildi. 

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Harby-howa güýçlerimiz düýn gije başlan Penje-Gaplaň operasiýasynyň çäginde terrorçylaryň Haftanin sebitindäki ýerlerini dolulygyna ýer bilen ýegsan etdi" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar