Türkiýe Haftere duýduryş berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý Hafteriň beýanatyna jogap berdi

1421329
Türkiýe Haftere duýduryş berdi

Türkiýe Liwiýadaky türk bähbitleriniň nyşana alynan halatynda huntaçy general Haftere tabynlykdaky güýçleri kanuny nyşana hökmünde häsýetlendirjekdiklerini habar berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Liwiýanyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Haftere tabynlykdaky güýçleriň Türkiýäniň harbylaryny we bähbitlerini nyşana aljakdyklary baradaky beýanaty barada ministrligie berilen soraga ýazmaça jogap berdi. 

Haftere tabynlykdaky güýçleriň soňky wagtlarda söweş meýdanynda çekýän ýitgileriniň bir gaýtarmasy bolan Hafteriň beýanatynyň, huntaçy Hafteriň we tarapdarlarynyň Liwiýadaky durnuksyzlygy artdyrmak niýetinde bolandyklarynyň iň aýdyň subutnamasydygyny aýdan Aksoý: "Şol sebäpli Liwiýadaky türk bähbitleri nyşana alynan halatynda onuň agyr netijeleriniň boljakdygyny we huntaçy Haftere tabynlykdaky güýçleri kanuny nyşana hökmünde häsýetledirjekdigimizi ýene-de bir gezek ýatladýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar