Türkiýeden Grek Goranmak ministrini daşaýan dikuçaryň biynjalyk edilendigi baradaky beýanata jogap

Türkiýe Gresiýanyň Goranmak ministrini daşaýan dikuçaryň biynjalyk edilendigi bilen bagly öňe sürmeleriň ýalňyşdygyny belledi

1410480
Türkiýeden Grek Goranmak ministrini daşaýan dikuçaryň biynjalyk edilendigi baradaky beýanata jogap

Türkiýe, Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Panagiotopoulosy daşaýan dikuçaryň Türkiýäniň harby uçarlary tarapyndan biynjalyk edilendigi bilen bagly öňe sürmeleriň nädogrydygyny nygtady. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, mesele bilen baglanşykly ministrligiň adyna berilen soraga ýazmaça jogap berdi. 

Türkiýäniň Harby uçarlarynyň Egeý deňizinde adaty anyklaýyş wezipesini ýerine ýetirendigini aýdan Hami Aksoý: "Hormatly Goranmak ministrini daşaýan dikuçar biynjalyk edilmedi. Adaty uçuşlary ulaldyp, dartgynlygy çuňlaşdyrmaga synanyşmagyň bu ýurda hiç hili peýdasy ýokdyr. Onuň ýerine bu meseläniň iki ýurdyň Goranmak ministrlikleriň arasynda başladylan ynam artdyryjy çäreler tapgyrynyň çäginde ara alynyp maslahatlaşylmagy gerek" diýip belledi. 



Degişli Habarlar