Mewlüt Çawuşogly Kovid-19 bilen baglanşykly maslahat geçirdi

Mewlüt Çawuşogly mundan başgada ýurdyň içindäki 7 daşary ýurt wekilhananyň resmileri bilen hem söhbetdeş bolandygyny mälim etdi

1409336
Mewlüt Çawuşogly Kovid-19 bilen baglanşykly maslahat geçirdi

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Okeaniýa, Uzak Gündogar, Aziýa we Kawkaz ýurtlarynda iş alyp barýan baş konsullary bilen täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň täsirleri we türk raýatlaryň ýagdaýy bilen baglanşykly wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitterden "Bileleikde Ýeňeris" sözleri bilen paýlaşan beýanatynda: "Baş konsullarymyz bilen wideo konferensiýa arkaly geçiren maslahatlarymyzy Okeaniýa, Uzak Gündogar, Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen dowam etdik. Kovid 19-yň sebitdäki täsiri we raýatlarymyzyň ýagdaýy barada maglumat aldyk" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly mundan başgada ýurdyň içindäki 7 daşary ýurt wekilhananyň resmileri bilen hem söhbetdeş bolandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar