Çawuşogly Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndaky baş konsullar bilen maslahat geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndaky baş konsullar bilen maslahat geçirdi

1408880
Çawuşogly Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndaky baş konsullar bilen maslahat geçirdi

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynda iş alyp barýan baş konsullar bilen täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň täsirleri we türk raýatlaryň ýagdaýlary bilen bagly wideo konferensiýa arkaly maslahat geçirdi. 

MInistr Çawuşogly Twitterden "Bilelikde Ýeňeris" sözi bilen beren beýanatynda: "Ilçilerimiz bilen geçiren maslahatymyzdan soň, indi bolsa baş konsullarymyz bilen maslahat geçirmäge başladyk. Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynda iş alyp barýan baş konsullarymyz bilen wideo konferensiýa arkaly Kovid-19-yň sebitdäki täsiri we ol ýerdäki türk raýatlarymyzyň ýagdaýlary barada maglumat aldyk" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar