Türkiýedäki ispaniýalylar öz ýurtlaryna alynyp gidildi

Türkiýede kyn ýagdaýda galan Ispaniýanyň 7 raýaty, Türk howaýollar kärhanasyna degişli uçar bilen Barselona alynyp gidildi

1401760
Türkiýedäki ispaniýalylar öz ýurtlaryna alynyp gidildi

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Tüürkiýeden daşary ýurtlara guralýan uçar saparlarynyň bes edilmeginden soň, ýurtda kyn ýagdaýda galan daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlaryna ugradylmak etaby dowam edýär. 

Şol çäkde, şu gün irden Stambul howa menziline gelen 7 ispan ýolagçy, howpsyzlyk gözegçiliginden geçenlerinden soň, terminale girdiler. 

Bilet işleri tamamlanan ýolagçylar, pasport gözegçiliginden soň, howa menziliniň işgärleri tarapyndan uçara ugrukdyryldy. 

Uçar, Ispaniýanyň Barselona şäherine Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:15-de hereket etdi. 

Barselona şäherine giden Türk howaýollaryna degişli uçar, şu gün agşam Ispaniýadaky türk raýatlary Türkiýä getirmek üçin yzyna gaýdar. 

 



Degişli Habarlar