Çawuşogly käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy

Çawuşogly, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreş bilen baglanşykly daşary ýurtly käbir kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1379930
Çawuşogly käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreş bilen baglanşykly daşary ýurtly käbir kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Mewlüt Çawuşogly, Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawit Zalkaliani we Bolgariýanyň Daşary işler ministri Ekaterina Zahariýewa bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyny ara alyp maslahatlaşdy. 

Çawuşogly, şu gün şeýle hem Marokkonyň Daşary işler ministri Nasyr Burita we Daniýanyň Daşary işler ministri Jeppe Kofod bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

 



Degişli Habarlar