Türkiýe koronawirusa garşy degişli çäreleri gördi

Dekabr aýynda Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan koronawirusa garşy çäreler gören Türkiýe, wirusa ýoluganlaryň bolma ähtimallygy üçin hem iş maksatnamasyny taýarlady

1366423
Türkiýe koronawirusa garşy degişli çäreleri gördi

Türkiýä koronawirusyň Hytaýdan soň dürli ýurtlarda ýüze çykmagyndan soň güýçli saglygy goraýyş guramalarynyň saýasynda ilkinji bolup işe girişen ýurtlardan biri boldy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Ylmy geňeşi tarapyndan “2019-nCoV Hassalygy kitapçasy” taýarlanyp, 14-nji ýanwarda çap edildi.

Wirusyň ýüze çykmagyndan soň 21-nji ýanwarda Serhetler we Kenarlar boýunça saglygy saklaýyş Baş müdirliginiň gullukçylary Stambul howa menzilinden Hytaýa sapar edýän howa ýollaryna we degişli firmalara gerek bolan çäreleri görmekleri boýunça duýduryş berdi.

Tejribeli alymlardan emele gelýän Ylmy geňeşiň maslahaty 22-nji ýanwarda geçirildi. şol gün Hytaýyň howaýollary firmalaryndan biri tarapyndan amala aşyrylýan Wuhan-Stambul gatnawy bes edildi.

1-nji fewralda türk raýatlaryny ýurda getirmek üçin Hytaýyň Wuhan şäherine giden harby uçar 42 adamy Türkiýä getirdi.

5-nji fewraldan başlap Hytaýdan edilýän ähli uçuçlar bes edildi.

Wirusyň Eýranda ýüze çykmagy sebäpli 23-nji fewralda iki  ýurduň arasyndaky gury ýer gümrük geçelgeleri ýapyldy. Soň howa gatnawyna çäklendirmeler girizildi. Düýn bolsa Eýrandaky türk raýatlary ýurda getirildi.

Türkiýede koronawirusyň ýüze çykma ähtimallygy sebäpli hem degişli iş maksatnamasy düzüldi.

Şol çäkde saglygy goraýyş edarasynyň ähli gullukçylaryna maglumat berildi we taýarlyklar tamamlandy. Hassahanalarda degişli çäreler görüldi, jogapkär hassahanalar kesgitlenildi.

Şol hassahanalarda izolirlenen otaglar döredildi. Antiwiral derman ätiýajy artdyryldy.

Hassalykdan goranmak üçin ätiýaçlyk maska we saglygy goraýyş personaly üçin enjamlar hem-de egin-eşikler alyndy.

Kowid-19 üçin ýerli diagnostika komplekti taýarlanyp, 90-120 minut aralygynda netije alynmagy üpjün edildi.

Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy koronawirus epidemiýasy sebäpli 30-njy ýanwarda “Jemgyýetiň saglygy boýunça halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaý” yglan edipdi.

Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 2,700-den gowrak adam ýogaldy. 30-dan gowrak ýurda ýaýran koronawirusda karantine alynanlaryň sany bolsa 80 müňden geçdi.

 



Degişli Habarlar