Döwlet we hökümet ýolbaşçylary ýer titremesine uly gynanç bildirdi

"Ýogalanlaryň sanynyň köpelmezligini umyt edýäris”

1347139
Döwlet we hökümet ýolbaşçylary ýer titremesine uly gynanç bildirdi

Döwlet we hökümet ýolbaşçylary Elazygda düýn bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremesine uly gynanç bildirdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop ýüzlenmesinde “Elazyg Siwrijede bolan ýer titremesine uly gynanç bildirýäris. Ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär. Ýogalanlaryň sanynyň köpelmezligini umyt edýäris” diýdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ýer titremesinden soň beren ilkinji beýanatynda, gury ýer we howa güýçleriniň ýer titremesinden soň adatdan daşary ýagdaýa geçendigini aýtdy.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, ýer titremesinden soň elektrik togy we gaz meselesinde başdan geçirlip bilinjek kynçylyklaryň öňüniň alynmagy üçin hünärmenleriň iş alyp barýandygyny aýtdy.

Transport we infstruktura ministri Jahit Turhan “Elazygda bolan we goňşy welaýatlara hem täsirini ýetiren ýer titremesine uly gynanç bildirýäris. Gynansakda gynandyryjy habarlar gelýär. Ýer titremesinde ýogalanlara Alladan rahnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin” diýdi.

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu, ýer titremesinden soň ýaşlar merkezleriniň, sport zallarynyň, Elazygdaky we Malatýadaky ýokary okuw jaýlaryna degişli umumy ýaşaýyş jaýlarynyň halkyň hyzmadyna açylandygyny habar berdi



Degişli Habarlar