"2022-nji ýyldan başlap her ýyl bir deňizasty gämisi ulanylmaga beriler"

Prezident Erdogan Liwiýa harby taýdan berilýän goldawyň artdyrlyp bilinjekdigini aýtdy

1327639
"2022-nji ýyldan başlap her ýyl bir deňizasty gämisi ulanylmaga beriler"
erdogan golcuk denizalti1.jpg

Prezident Erdogan Türkiýäniň ilkinji milli deňizasty gämisi Piri Reisiň ulanylmaga berilmegi mynasibetli Kojaelinde Göljük gämi gurluşyk werfinde geçirlen dabara gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda, Türkiýäniň alyp barýan Gündogar Ortaýer deňizi syýasaty hakynda durup geçdi.

Gresiýa bilen oňa goldaw berýän ýurtlaryň birnäçe wagtdan bäri Türkiýä deňizler meselesinde basyş etmäge çalyşýandygyny aýdan Erdogan “Biz DKTR we Liwiýa bilen gazanan ylalaşyklarymyzdan ýüz öwüren halatymyzda bize deňize girmek we balyk tutmak üçin ýer hem goýmazlar” diýdi.

Liwiýa bilen gazanylan ylalaşygyň halkara hukugyna bap gelýändigini nygtan Erdogan, Liwiýanyň hökümetine uly goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Prezident Erdogan Liwiýa harby taýdan berilýän goldawy artdyryp bileris. Liwiýanyň gury ýerden, deňizden we howadan goralmagy üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Prezident Erdogan Egeý we Ortaýer deňizine kenardaş ýurtlaryň şol bir hukuga eýedigine aýratyn ünsi çekdi.

Türkiýäniň deňizasty gämileri hakynda hem maglumat beren Erdogan 2022-nji ýyldan başlap her ýyl bir deňizasty gämisiniň ulanylmaga beriljekdigini belledi.

Prezident Erdogan “2027-nji ýylda 6 deňizasty gämimiz Deňiz güýçleriniň hatarynda bolar” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar