Türkiýe Amerikan Kongresiniň kararyny ýazgardy

Türkiýe, ABŞ-nyň Kongresindäki nobatdaky býujet kesgitleme etabynyň ýene-de bir gezek ABŞ-ly syýasatçylaryň gysga möhletli syýasy maksatlaryna gural edilmegini ýazgardy

1326885
Türkiýe Amerikan Kongresiniň kararyny ýazgardy

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, ABŞ-nyň Kongresinde kabul edilen Býujet assignowaniýa bilen bagly kanun taslamasynyň üstünde durup geçdi.

Hami Aksoý: “2020-nji ýylda ABŞ-nyň Federal guramalaryň üpjün edilmegi maksat edinilýän býujet assignowaniýasy bilen baglanşykly kanun taslamasynyň, ýurdumyza garşy düzümleri öz içinde jemleýän göçümler bilen birlikde ABŞ-nyň Wekiller mejlisinde we Senatynda kabul edilmegi, ABŞ-nyň Kongresiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy her dürli emller bilen weýran etmek sebäbiniň soňky önümidir” diýip belledi.

Hami Aksoý beýanatynda: “ABŞ-nyň Kongresindäki nobatdaky býujet kesgitleme etabynyň ýene-de bir gezek ABŞ-ly syýasatçylaryň gysga möhletli syýasy maksatlaryna gural edilmegini ýazgarýarys” diýip nygtady


Etiketkalar: #Kongres , #ABŞ , #Hami Aksoý

Degişli Habarlar