Erdogan Ženewadaky Global Bosgunlar forumyna gatnaşar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçiriljek Global Bosgunlar forumyna gatnaşar

1323548
Erdogan Ženewadaky Global Bosgunlar forumyna gatnaşar

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan, Global Bosgunlar forumyna gatnaşmak maksady bilen 16-17-nji dekabr aralygynda Ženewada saparda bolar.

BMG-nyň Bosgunlar Ýokary komissarlygynyň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek forumda Erdogan, Kosta-Rikanyň, Pakistanyň, Efiopiýanyň we Germaniýanyň Döwlet ýolbaşçylary bilen birlikde maslahata baştutanlyk eder.

Foruma köp sanda ýurdyň ýokary derejeli wekilleri bilen birlikde, hususy pudagyň, halkara guramalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşar. Türkiýe maslahatda wagtlaýyn gorag astynda bolan Siriýalylar bilen baglanşykly edýän käbir işlerini gün tertibe getirer.

Erdogan forumyň çäginde şeýle hem käbir döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşyk geçirer.


Etiketkalar: #Ženewa , #forum , #Erdogan

Degişli Habarlar