“Yslam dini ynamdar çeşmelerden öwrenilmeli”

Przident R.T.Erdogan gözegçiligi günbataryň taslamalaryna bermezlik üçin yslam dininiň ynamdar çeşmelerden öwrenilmelidigini aýtdy

1314234
“Yslam dini ynamdar çeşmelerden öwrenilmeli”

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada “Din Şurasynyň” ýapylyş bölümine gatnaşdy.

Dini durmuşdan çetleşdirýän, belli çäklere, görnüşlere, hereketlere mejbur edýän dogmatik düşünjä ygtybar etmejekdiklerini nygtan Erdogan: “Musulman, dinini durmuşyň şertlerine görä däl, durmuşyny ynanjynyň esaslaryna görä uýugunlaşdyrmaga borçludyr” diýdi.

Eger adam ynanyşy ýaly ýaşamasa, belli bir wagtdan soň ýaşaýyşy ýaly ynanmaga başlajakdygyny duýduran Erdogan: “Din, adamyň durmuşyna täsirini ýetirmese, adam wagtyň geçmegi bilen edim-gylymyny dinileşdirme ýalňyşyna sezewar bolar. Şonuň üçin yslam bize görä däl, biz yslama görä hereket etmeli” diýdi.

Şaýylygyň ýa-da sünniligiň amal we ynanç boýunça tapawutly garaýyşlar däl, eýsem belli töwerekler tarapyndan hamala diýersiňiz özbaşdak din ýaly görkezilmäge synanşylýandygyny beýan eden Erdogan: “Günbatarda bişirilen, soňky döwürde ýurdumyza eksport edilmäge synanşylýan “Alysyz Alewilik” ýaly zyýanly taslamalaryň jemgyýetimizde mazamlanmagynyň aňyrsynda ýene-de bir ssenariler bar” diýdi.

Erdogan: “Wezipesini içginlik bilen berjaý edýän din adamlarynyň hötdesinden gelmedik işini Pensilwaniýadaky şarlatan ýaly din täjirleri amala aşyrar. Adamlar, esasanda ýaşlar dini taýdan bilesigelijiliklerini ynamly çeşmelerden gandyrmasalar, Fetullahçy terror guramasy we DAİŞ ýaly gözboýagçylaryň duzagyna düşerler. Pensilwaniýadaky waka taslamadyr. Şol taslama Türkiýe garşy oýnalýan oýunyň iň anyk görkezijisidir” diýdi.

“Yslam duşmanlygynyň we neonasist terroryň hamala diýersiňiz epidemiýa ýaly ýaýraýan şertlerinde çet ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyza eýe çykalyň” diýen Erdogan: “Olary “Parasatly yslam” ýaly imperialist taslamalaryň duzagyna düşürmeris” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulyň ylmy merkeze öwrülmeginiň we yslam boýunça salgylanylýan halkara Yslam uniwersitetiniň açylmagynyň möhümdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar