"Işçi we zähmetkeş doganlarymyzy Zähmetkeşleriň dütündünýä raýdaşlyk güni bilen gutlaýaryn”

Prezident Erdogan 1-nji maý zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi

1192645
"Işçi we zähmetkeş doganlarymyzy Zähmetkeşleriň dütündünýä raýdaşlyk güni bilen gutlaýaryn”

Prezident R. T. Erdogan 1-nji maý zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Erdogan ýüzlenmesinde “Çeken zähmedi we maňlaý deri bilen ýurdumyzyň ösüşinde we galkynyşynda esasy rol oýnaýan işçi we zähmetkeş doganlarymyzy 1-nji maý Zähmetkeşleriň dütündünýä raýdaşlyk güni bilen gutlaýaryn” diýdi.

Bütindünýäde işçileriň we zähmetkeşleriň raýdaşlyk we jebislik güni hökmünde gutlanylýan 1-nji maýyň adalatly we asuda ýagdaýda işlemek üçin amatly şertiň döredilmeginde esasy rol oýnamagyny arzuw eden Erdogan “Häkimiýet başyna gelen günümizden bäri işçilerimiziň we zähmetkeşlerimiziň başdan geçirýän kynçylyklaryny çözmäge çalyşdyk. Iş mümkinçiligini artdyryp, işsizlerin sanynyň azaldylmagy üçin degişli çäreleri gördük” diýdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde zähmetkeşlerimiziň demokratik ýagdaýda beýan eden ähli talaplaryna üns berdik, döwletiň ähli guramalary bilen, kärdeşler arkalaşyklary bilen, jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde olaryň ähli kynçylyklarynyň çözülmegi we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýratyn belledi.



Degişli Habarlar