Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Siriýa meselesindäki iň kiçi yranmagyň hem birnäçe wagt soň nähili derejede çykdyjysynyň bolýandygyny örän gowy bilýändiklerini habar berdi

1146305
Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Erdogan Bursada geçirilen mitingde halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Erdogan düýn Russiýanyň Soçi şäherinde Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagynda Siriýa temaly Üçtaraplaýyn maslahatyň 4-njisini geçirendiklerini ýatladyp, ol ýerde bütin dünýä ýüzlenme berendiklerini habar berdi. 

Erdogan: "Siriýa meselesindäki iň kiçi yranmagyň hem birnäçe wagt soň nähili derejede çykdyjysynyň bolýandygyny örän gowy bilýäris. Diplomatiýada bolşy ýaly, ykdysadyýetde hem berk durmalydygymyzy bilýäris. Köp işläris" diýip nygtady. 

 


Etiketkalar: #Siriýa , #Erdogan , #Bursa

Degişli Habarlar