BMG Jemal Kaşykçy jenaýatyny doly öwrenmek isleýär

BMG-nyň habarnamaçysynyň tapan delilnamalary Türkiýäniň delilnamalaryna gabat gelýär

1141828
BMG Jemal Kaşykçy jenaýatyny doly öwrenmek isleýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty meselesinde BMG-nyň habarnamaçysynyň tapan delilnamalarynyň Türkiýäniň delilnamalaryna gabat gelýändigini aýtdy.

Çawuşogly Antalýada beren beýanatynda BMG-nyň habarnamaçysynyň Jemal Kaşykçy jenaýatyny öwrenmek, maglumat edinmek üçin 5-6 adamlyk hünärmen topary bilen Ankara gelendigini nygtady.

Habarnamaçy bilen ilki özüniň duşuşandygyny aýdan Çawuşogly BMG-nyň habarnamaçysynyň soň Adalat ministrliginde we Milli howpsyzlyk gullugynda möhüm duşuşyklar geçirendigini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Wekiliýet Stambulda degişli ýolbaşçylardan giň gerimli maglumat aldy. Derňew işiniň çäginde tapan delilnamalarymyzy olar bilen paýlaşdyk. Bu resmi derňew işi däl. Wekiliýet maglumat edinmek  üçin Türkiýä geldi. BMG meseläniň doly öwrenilmegi üçin degişli komissiýa döretmeli we BMG-nyň çäginde derňew işi gozgalmaly” diýdi.

Ýakynda käbir ýurtlar bilen birlikde bu meselede BMG-na ýüz tutjakdyklaryny aýdan Çawuşogly “Jogaba garaşýan soraglarymyz bar. Saud Arabystany Jemal Kaşykçynyň Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda ilki öldürlendigini, soň jesediniň böleklere bölünendigini boýun aldy. Emma jesediň nirededigini bilmeýäris. Beýleki tarapdan jenaýatyň arkasynda kim bar, Kaşykçynyň öldürilmegi görkezmesini kim berdi. Saud Arabystany tarapyndan bu soraglara anyk jogap alyp bilmedik” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň jenaýat hakyndaky ähli maglumatlary we delilnamalary halkara jemgyýetçiligi bilen birlikde Saud Arabystany bilen hem paýlaşandygyny ýatlatdy.

2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda resmi işleri üçin  Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygyna giden Jemal Kaşykçy ol ýerde wagşylarça öldürlipdi.

 



Degişli Habarlar