Bütindünýä “Halal Maslahaty” öz işini dowam etdirýär
Maslahatda “Halal Pudagyň” ähli ugurlary seljerilýär
Prezidentiň hemaýat bermeginde Musulman ýurtlarynyň Standartlary we Meteorologiýa institutlary, Yslam Söwdany ösdüriş merkezi we Diskower Ewents tarapyndan geçirilýän “Bütindünýä Halal Maslahaty 2018 we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 6-nji Halal Ekspo Sergisi” Stambulyň Ýenikapy etrapçasyndaky Awrasýa görkezliş we sungat merkezinde dowam edýär.
Maslahatyň birinji gününde ýerli daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Halal pudagyndaky meselelere garşy ylmy, akademiki we tazeje çözgütler” temaly ylmy-amaly mejlis geçirildi.
Halal pudagy bilen bagly möhğm meseleler we soňky wakalar; maslahatyň çaginde geçirilen “Halal Azyk”, “Et we Halal Öldüriş İşleri”, “Laboratoriýa we Halal Haryt Tassyklaýyş”, “Halal Üpjünçilik Ulgamy, Halal Haýwan İými we Halal Deri Önümleri” we “Halal Derman” temaly bölümlerde ara alynyp maslahatlaşyldy.
Jemi 4 trillion dollardan geçýän we geljek 5 ýylyň dowamynda ýylda 5-10 göterim arasynda ösmegine garaşylýan pudagyň 2 trillion dollaryny maliýe, 1 trillion dollaryny azyk, 250 milliard dollaryny syýahatçylyk, 750 milliard dollaryny bolsa beýleki pudaklar emele getirýär.
2-nji dekabra çenli dowam etjek maslahata 40 müňden gowrak ýerli we daşary ýurtly raýatyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.