Mewlüt Çawuşogly Kaşykçy jenaýaty barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Jemal Kaşykçy jenaýatyny edenleriň öz başlaryna hereket edendiklerine ynanmaýandyklaryny habar berdi

1095667
Mewlüt Çawuşogly Kaşykçy jenaýaty barada beýanat berdi

Çawuşogly, Germaniýanyň Süddeutsche Zeitung gazedine beren interwýusynda Kaşykçy jenaýatynyň üstünde durup geçdi.

Birnäçe töweregiň jenaýatyň jogapkäri hökmünde garaýan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde geçiriljek G20 maslahatynda Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşmak barada talap bildirendigini aýdan Çawuşogly: “Muhammed Bin Selman Prezident Erdogana Buenos-Aýresde duşuşmak üçin talap bildirdi. Erdoganyň jogaby göreris boldy. Häzirki wagt üçin Mirasdar Şazada bilen duşuşmazlyk üçin bir sebäp ýok” diýip belledi.

Jenaýat bilen bagly maglumatlary paýlaşan we žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilen mahaly alynan ses ýazgysyny diňländigini aýdan Çawuşogly: “Jemal Kaşykçy 7 minudyň içinde öldürilýär. Bu bilkastlaýyn bir jenaýatdyr. Sud medesina hünärmeniniň nähili buýruk berendigi eşidilýär. Jesedini böleklere bölen mahaly aýdym diňletdiripdir. Muny uly lezzet bilen edendigini aňyp bolýar. Ol adamlary böleklere bölmegi halaýar. Bu elhenç bir zat” diýip nygtady.

Kaşykçynyň näme üçin Türkiýede öldürilendigi bilen bagly soraga, Çawuşogly, Kaşykçynyň resminamany almak üçin giren konsullygyň Saud Arabystanynyň territoriýasy hökmünde hasap edilmegi sebäpli hiç kimiň olara bir zat etmejekdigini pikir edilendigini beýan etdi.



Degişli Habarlar