Prezident Erdogan Serbiýanyň Prezidenti Wujij bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Bu barada Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanatda aýdylýar

1070276
Prezident Erdogan Serbiýanyň Prezidenti Wujij bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Prezident Erdoganyň Serbiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wujij bilen düýn agşam geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar barada pikir alyşyldy, sebitde parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bökdençsiz dowam etmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Liderler telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Serbiýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda hasda ösdürilmegi baradaky isleglerini nygtadylar.

Telefon söhbetdeşliginde 2019-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň açylmagyna 140 ýylyň dolýandygyna ünsi çeken Prezident Erdogan we serp kardeşi Wujij, Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky döredilen Ýokary derejeli Hyzmatdaşlyk geňeşi mehanizminiň ähmiýetini beýan etdiler.



Degişli Habarlar