Izmirde daşary ýurtly 85 gaçgak tussag edildi

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynda bikanun ýollardan daşary ýurda gitmek islän daşary ýurtly 85 bosgun tussag edildi

1035211
Izmirde daşary ýurtly 85 gaçgak tussag edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeliginden berilen beýanata görä Çeşme etrabynyň Uçburun diýilen ýerinde çiýşirilen gaýyga münen bosgunlaryň bardygy anyklandy. 

Saklanan gaýykda 47 bosgun bardy. 

Çeşme etrabynyň Alaçaty Deliklikoý diýilen ýerinde bosgunlaryň bardygy barada maglumat alan Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri ol ýerde bolsa 38 bosguny saklady. 

Saklanan bosgunlar geçirilen sorag-jogap işlerinden soň welaýatyň Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Izmir , #Çeşme

Degişli Habarlar