Nusaýbin etrabyndaky serhet birikmelerine hüjüm guraldy

Terror guramasyna degişli ýerler ýok edildi, 3 terrorçy öldürildi

896387
Nusaýbin etrabyndaky serhet birikmelerine hüjüm guraldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabyndaky serhet birikmelerine serhediň Siriýa tarapyndan aýralykçy terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjüme garşylyk görkezilip guralan hüjümde 3 terrorçy öldürildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan  Siriýanyň Afrin sebitinde başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasyndan soň serhet birikmeleri we razwedka gullugy tarapyndan işleriň netijesinde Kamyşly etrabynda hereket edýän terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan serhet birikmelerine ýaragly hüjüm guraljakdygy barada alynan maglumat esasynda görülýän çäreler artdyryldy. 

Terror guramasy PÝD/PKK-nyň gabawy astyndaky Siriýanyň Kamyşly diýilen ýerinden Türkiýäniň Nusaýbin etrabyndaky serhet birikmelerine hüjüm guralmagy netijesinde, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri hüjümiň guralan ýerine gaubisalar we artilleriýa toplary bilen garşylyk görkezdi. 

Terror guramasyna degişli ýerler ýok edildi, 3 terrorçy öldürildi. 

 



Degişli Habarlar