Prezident Erdogan Afrin operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin sebitinde terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG we DEAŞ-e garşy başladylan operasiýanyň gysga wagtda tamamlanjakdygyny belledi

893633
Prezident Erdogan Afrin operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Prezident we AK partiýanyň başlygy R.T. Erdogan partiýasynyň Bursa welaýatyň zenanlar böleginiň kongresinde söz sözledi. 

"Terrorçylaryň nähili gaçýandygyny görýärin" diýen Erdogan: "Terror guramasy PKK Afrinden gaçýar. Olar gaçar, biz bolsa yzlaryndan kowalarys" diýdi. 

Erdogan: "Ähli musulmanlar doga edýär. Afrikdaky musulmanlaram doga etdiler. Afrikadaky çagalaram doga etdi. Ýalňyz däldiris" diýdi. 

Erdogan Afriniň terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG tarapyndan basylyp alynandygyny belläp, Zeýtun şahajygy operasiýasyndan soň Afriniň esasy eýelerine beriljekdigini nygtady. 

Terrorçylaryň kellelerini ýok etmegiň milli bir meseledigini aýdan Erdogan: "Ýewropanyň hemaýaty astynda bolan Fetullahçy terror guramasy FETÖ, PKK we DHKP-C diňe terror guramalary däl, kirli ssenariýalara öňbaşçylyk edýän pyýadadyr" diýdi. 

 

 


Etiketkalar: #Prezident , #Afrin , #Bursa , #mesele

Degişli Habarlar