Bir iňlisiň gözünden Sinop

Allen esasan hem Sinopyň tebigy gözlliklerine haýran galdy

805518
Bir iňlisiň gözünden Sinop

BBC habarlar gullugynyň işgärleriniň biri bolan Joşua Allen Türkiýäniň iň asuda şäherini görmek isläp ýola çykdy.

Allen Sinopy Türkiýäniň iň bagtly şäheri adyna eýe bolan sebäpleri öwrenmek üçin geldi.

Allen grek pelsepeçi Diogeniň Sinopda dogulandygyny, adamlaryň ellerinde bar bolan zatlar bilen bagtly bolmagyny ündändigini we Sinopyň hem şol aýdylana gulak asýandygyny aýtdy.

Allen esasan hem Sinopyň tebigy gözlliklerine haýran galdy.

Kiçiräk şäher bolan Sinopda her kimiň biri-birini tanaýandygyny we adamlaryň arasynda ikitaraplaýyn hoşniýetliligiň bardygyny, şol sebäpli asuda atmosferanyň bardygyny aýdan iňlis ýazyjynyň adamlaryň biri-birine kömek berýändigini belledi.



Degişli Habarlar