Premýer ministr Ýyldyrym Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Binali Ýyldyrym Gurban baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde raýatlaryň baýramyny tüýs ýürekden gutlap, baýramyň Türkiýä, yslam dünýäsine we bütin adamzada asudalyk we parahatçylyk getirmegini dileg etdi

799537
Premýer ministr Ýyldyrym Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym: “Terror bilen, hüjümler bilen ýurdumyzy we bütin yslam dünýäsini gam-gussa gark etmek isleýänler maksatlaryna asla ýetip bilmezler we dolulygyna ýok bolarlar. Türkiýe Respublikasy hökmünde ähli edaradyr-kärhanalarymyz bilen hukugyň üstünligini, doly demokratiýany, adalaty we milli galkynyşy ýola goýup güýjümize güýç goşarys we ejir çekenleriň ýanynda, zalymlaryň garşysynda bolmagymyzy dowam etdireris. Milletimiziň jebisligine garşy guralýan duzaklara paýhassyzlyk we gowşaklyk etmeris, biri-birimiziň hukuklaryna eýe çykyp, doganlyk gatnaşyklarymyzy bakylyga gowuşdyrarys” diýdi.

Hajylaryň haç parzlarynyň, gurban edýänleriň gurbanlarynyň kabul bolmagyny dileg eden Binali Ýyldyrym: “Söweşleriň kölegesinde baýram bellemek ýagdaýynda bolan Yslam ýurtlarynyň başyndan geçirýän gam-gussalarynyň iň tiz wagtda ýok bolmagyny we mübärek baýramlaryň asudalyk bilen geçirilmegini isleýäris. Milletimiziň jebisligine we ýurdumyzyň howpsyzlygyna howp abandyrýan terror guramalaryny ýok etmek maksady bilen hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda göreş alyp barýarys. Bu göreşde ýanymyzda bolan 80 million raýatymyza minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.



Degişli Habarlar