Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Türkiýä geldi

Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general maýor Muhammed Bakyri Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar bilen duşuşmak üçin Türkiýä geldi

790164
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Türkiýä geldi

Bakyri Ankarada Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar tarapyndan garşylandy.

Bakyriniň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 3 gün dowam etjek saparynyň çäginde ýokary derejeli harby we syýasy ýolbaşçylar bilen duşuşar.

Saparyň çäginde sebitara meseleler bilen birlikde goranyş senagaty taýdan iki ýurduň arasynda edilýän gatnaşyklar meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Terrora garşy göreş meselesi hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

 



Degişli Habarlar