Soňky bir hepdede 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýede 8-15-nji maý aralygynda geçirilen terrora garşy operasiýalarda aýralykçy terror guramasy PKK agza 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

732470
Soňky bir hepdede 52 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalarda terrorçylaryň 38-i öli, 3-i diri ýagdaýda ele salyndy, 11-i bolsa howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Gurama kömek beren 118 adam, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 2 adam, Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna garşy göreşiň çäginde 767 adam, çepçi terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde bolsa 4 adam göz tussaglygyna alyndy.

Bitlis, Diýarbakyr, Mardin, Erzurum, Kahramanmaraş, Şyrnak, Siirt we Bingöl welaýatlarynda terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan ulanylan 49 gaçypatalga, gowak we 50 sany elde ýasalan partlaýjy we mina ýok edildi.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 2 tonna 71 kg partlaýjylarda ulanylýan madda, 60 sany granat, 153-si agyr we uzyn nilli bolmak bilen 170 ýarag we 132297 ok-däri ele salyndy.

Terror guramalarynyň maliýe çeşmelerine garşy geçirilen operasiýalarda hem köp mukdarda neşe maddalary, temmäki we ýangyç ele salyndy.

Bikanun göçlere garşy geçirilen operasiýalarda bolsa 155-i deňizde bolmak bilen 5169 adam tussag edildi.


Etiketkalar: #madda , #operasiýa , #maliýe , #çeşme

Degişli Habarlar