Anadoly Ýyldyzy-2017 Umumy gözleg-halas ediş türgenleşigi Izmirde geçirilýär

Türgenleşige 16 ýurtdan 27-si daşary ýurtly 60 synçy gatnaşýar

724931
Anadoly Ýyldyzy-2017 Umumy gözleg-halas ediş türgenleşigi Izmirde geçirilýär

Gury ýer, howa, deňiz güýçleri bilen Žandarma we Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň halas edijileriniň we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň halas ediji toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşikde gözleg we halas ediş işler gözden geçirilýär, özara hyzmatdaşlygyň we utgaşyklygyň iň ýokary derejä çykarylmagy maksat edinilýär.

Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministrliginiň esasy Gözleg we halas ediş koordinasiýa merkeziniň gatnaşmagynda geçirilýän türgenleşik ilkinji günde ýagny, düýn Egeý deňiziniň halkara suw giňişligi bilen howa giňişliginde, şu gün bolsa Menemen etrabyndaky Dumanly dagynda geçiriler.



Degişli Habarlar